Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystanda ýokary däne hasylyna garaşýarlar

16:0424.08.2022
0
10850
Gazagystanda ýokary däne hasylyna garaşýarlar
Surat: rsnkv.ru

Gazagystanda dänäniň bol hasylyna garaşylýar. Bu barada ýurduň hökümet mejlisinde oba hojalyk ministri habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar. Hasyl içerki bazary-da üpjün eder, eksporta hem ýeter.

Oba hojalyk ministrliginiň hasaplamalaryna görä, ekin meýdanlaryndan dänäniň 18 million tonnasy ýygnalar. Onuň 13,5 tonna golaýy bugdaý hasylydyr. Bu geçen ýyldakydan has köp. Hasyllylyk hem iki esse ýokary. Ýygym möwsümi ýurduň günortasynda eýýäm tamamlandy we gektardan 14,5 sentner hasyl alyndy.

«Biziň geçen ýylyň hasylyndan galan 2,5 million tonna bugdaýymyz hem bar. Täze hasyly goşanyňda, bu ýurduň hajatlary üçin gereginden üç esse artykdyr. Şonuň üçin eksporta hem ibermäge-de mümkinçiligimiz bar. Siziň bilşiňiz ýaly, bizde sentýabryň ahyryna çenli dänäni daşyna çykarmaga çäklendirme bar. Indi ony wagtyndan öň ýatyrmak barada meselä garalýar» diýip, Gazagystan Respublikasynyň oba hojalyk ministri Ýerbol Karaşukeýew gürrüň berdi.

Daýhanlara ýardam bermek üçin ýangyja ýeňillik girizildi. Fermerlere ýangyjy litri üçin 184 teňňeden satýarlar. Ýangyç guýujy beketlere ýörite döredilen topar gözegçilik edýär. Ony Premýer-ministriň tabşyrygy boýunça döretdiler.

Toparyň borjy nyrhlara gözegçilik etmekden we ýangyjyň ýetmezçiligine ýol bermezlikden ybarat.

Güýzki ýygym işlerine Gazagystanyň hökümeti ýarym million tonna golaý ýangyç bölüp berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň