Soňky habarlar

Arhiw

«Bawariýa» de Ýong gerekmi? Žurnalistleriň pikiri gapma-garşy

16:1223.08.2022
0
16432

«Bawariýa» «Barselonanyň» ýarym goragçysy Frenki de Ýong üçin göreşe goşulmaga taýýar.

Žurnalist Žerar Romeronyň sözlerine görä, Mýunhen şäherine wekilçilik edýän klub 25 ýaşly futbolçyny Filippe Koutinýony alyşy ýaly almagy teklip edýär. 2019-njy ýylda «Bawariýa» häzir «Aston Willada» futbol oýnaýan braziliýaly ýarym goragçyny 8,5 million ýewro baha bilen «Barselonadan» kärendesine alypdy. Koutinýo Mýunhende bir möwsüm geçirip, yzyna dolanypdy.

Başga bir kärdeşimiz Florian Plettenberg bolsa de Ýonguň «Bawariýanyň» meýilleriniň arasynda ýokdugyny ýazýar. Topar bu möwsümde Ýozua Kimmih bilen täze transfer Raýan Grawenberhe daýanar.

«Barselona» bolsa de Ýonguň şu möwsümdäki hakyny töläp biljek kluby gözleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň