Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Ermenistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

21:4317.08.2022
0
12120
Serdar Berdimuhamedow Ermenistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
Surat: primeminister.am

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana we Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýana Ýerewan şäherindäki «Surmalu» söwda merkezinde bolup geçen partlamanyň adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi zerarly çuňňur gynanç hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň