Soňky habarlar

Arhiw

Alymlar ýagyş suwunyň zäherlidigini anykladylar

15:2817.08.2022
0
2782
Alymlar ýagyş suwunyň zäherlidigini anykladylar
Surat: stroy-podskazka.ru

Alymlar ýagyş suwunyň zäherlidigini anykladylar we ony hatda miwe berýän ösümlikleri suwarmak üçin hem ulanmazlygy maslahat berýärler. Bu barada «Mail.ru» ýazýar.

Şwesiýanyň Stokgolm uniwersitetiniň we Şweýsariýanyň Federal tehnologiýalar institutynyň alymlar dünýäniň dürli künjeklerinden alnan ýagyn suwunyň düzümini barladylar. Alymlary esasy dört sany hapalaýjylar — per- we poliftoralkil jisimler (PFAS) gyzyklandyrdy. Bu emeli we örän zäherli jisimler bolup, olar bütin Ýeriň atmosferasyna ýaýraýarlar.

Netijede, «EurekAlert!» portalynyň habar bermegine görä, bu jisimleriň ýagyş suwundaky derejesi iňňän ýokarydyr. Görkezijiler howpsuz çäkden agyp, adamlaryň saglygy üçin howp döredip biler.

Ýagny ýagyş suwunyň düzümindäki zäherli jisimleriň täsiriniň hatarynda önelgesizlik bilen bagly meseleler, ösüşdäki durgunlylyk, düwnük, holesteriniň ýokary derejesi we immun ulgamy bilen bagly kynçylyklar görkezilýär.

PFAS diýlip umumy at berlen bu jisimleriň zyýanlydygy öňden mälimdir. Bu jisimleri önümçilikde ulanmakdan ýüz öwrülendigine garamazdan, olar uzak wagtlap daşky gurşawda duş gelip biler. Alymlar şonuň üçin ýagyş suwuny içmezligi hem-de onuň bilen iýmit hökmünde peýdalanylýan miweli ösümlikleri suwarmazlygy maslahat berýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň