Soňky habarlar

Arhiw

Aamir Khanyň täze filmi şowsuzlyga uçrady

11:5517.08.2022
0
3021
Aamir Khanyň täze filmi şowsuzlyga uçrady
Surat: quicktelecast.com

Bolliwudyň ýyldyzy, aktýor we režissýor Aamir Khanyň «Laal Singh Çadda» atly täze filmi geçen hepdede Hindistanda prokata çykanyndan bäri garaşylan netijäni gazanyp bilmedi, filmiň ýitgi çekmegi bile baglylykda, Aamir Khanyň distrubýuterlere çekilen zyýanyň öwezini dolmakçydygyny «bollywoodlife.com» saýty ýazýar.

Habarda aktýoryň filmiň şowsuzlygyna garaşmandygy we internetde giňden ýaýran garşylygyň filmiň prokatyna ýaramaz täsir edendigine ynanyp bilmeýändigi, onuň öz muşdaklaryna ynanandygy bellenýär. Hatda emele gelen ýagdaýyň onuň saglygyna hem güýçli zeper ýetirendigi aýdylýar.

Aamiriň Golliwudda aktýor Tom Henksiň baş keşbi janlandyran meşhur «Forrest Gamp» filminiň hindi nusgasy bolan «Laal Singh Çaddany» aňrybaş derejede gyzykly etmek üçin yhlas siňdirendigi habarda bellenýär.

Bu şowsuzlygyň esasy sebäbi «Laal Singh Çadda» atly filmiň treýleri resmi çap edilen dessine uly tankyda duçar boldy. Munuň netijesinde tomaşaçylar filme tomaşa etmek üçin kinoteatrlara barmadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň