Soňky habarlar

Arhiw

Moldowa we Gruziýa Türkmenistanyň ulag ulgamy boýunça hyzmatdaşlaryna öwrülýär

16:5116.08.2022
0
6137

Türkmenistan Moldowa we Gruziýa bilen ulag-aragatnaşyk ulgamy boýunça gatnaşyklaryň täze tapgyryna gadam goýýar. Awazadaky «Berkarar» myhmanhanasynda döwletleriň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada resminamalara gol çekildi.

Olaryň biri «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Moldowa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawy hakyndaky» Ylalaşykdyr. Bu resminama Türkmenistan tarapyndan Ministrler Kabinetiniň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew gol çekdi. Şeýle hem Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, infrastruktura we sebitleýin ösüş ministri Andreý Spynan resminama öz goluny goýdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy Annadurdy Kösäýew bilen Gruziýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Hwiatişwiliniň arasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň we Gruziýanyň Deňiz ulag agentliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama» gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň