Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow ulag ulagmynda täze Rezolýusiýasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi

17:0915.08.2022
0
9190

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ulgamynda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi.

Döwlet Baştutany bu başlangyçlar barada «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň kongresler merkezinde öz işine başlan Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň halkara maslahatyna iberen wideoýüzlenmesinde belledi.

— ...Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynda ulag ulgamynda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň bähbitlerini goramaga gönükdirilen we BMG-niň degişli düzümleri bilen yzygiderli iş alyp barjak ýörite iş toparyny döretmek baradaky meselä seretmegi teklip edýärin – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Döwlet Baştutany Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda ornuny ýokarlandyrmak hakyndaky Rezolýusiýasyny işläp taýýarlamaga girişmäge wagtyň ýetendigini hem aýratyn ünsi çekmek bilen, şeýle diýdi:

— ...Biz Baş Assambleýanyň «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda ornuny ýokarlandyrmak hakyndaky» Rezolýusiýasyny işläp taýýarlamaga girişmäge wagt ýetdi diýip hasap edýäris.

Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, şol resminama döwletleriň bähbitlerini öňe sürmäge netijeli itergi bermäge, degişli meseleleriň ähmiýetini açyp görkezmäge we olara düşünmäge ýardam berer.

— Türkmenistan bu resminamany taýýarlamaga girişmäge taýýardyr, ähli netijeli teklipler we başlangyçlar üçin açykdyr – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň