45 duýgyny aňlaýan robot döredildi

12:3712.08.2022
0
4310

«Xiaomi» kompaniýasy täze «CyberOne» robot-gumanoid bilen tanyşdyrdy. Oýlap tapyş geçen ýyl jemagata tanyşdyrylan «CyberDog» robot-köpek taslamasynyň dowamy boldy diýip, «MIR 24» ýazýar.

Häzirlikçe robotyň hereketi çäklendirilendir, emma ol eýýäm adam emosiýalarynyň 45-sini, tebigatdaky sesleriň 85 görnüşini tanaýar, gül gowşurmagy we smartfon eýeleri bilen selfi surata düşmegi başarýar. Androidiň boýy 177 santimetr, agramy 52 kilogram. Ol sagatda üç kilometrden sähel gowrak derejede özbaşdak hereket etmäge ukyply, şeýle-de öýüň içinde oňat ugur tapýar we buýruk boýunça zatlary getirip berýär.

«CyberOne» robotlarynyň köpçülikleýin önümçiligi barada kompaniýa habar bermeýär, işläp düzüjileriň sözlerine görä, robot-gumanoidde ulanylan tehnologiýalar kompaniýanyň geljekki taslamalarynda peýdalanylar.

«Xiaomi» täze robotyň öýde we iş ýerinde doly bahaly kömekçi bolup biljekdigini wada berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň