Soňky habarlar

Arhiw

«Köpetdag» kynçylyk bilen «Nebitçini» ýeňdi

22:1211.08.2022
0
6231

Şu gün futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň üçünji tapgyrynda Aşgabadyň «Köpetdagy» Balkanabadyň «Nebitçisi» bilen duşuşdy. Oýun Aşgabatdaky «Köpetdag» stadionynda geçirilip, ol 3-2 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy.

Şeýlelikde, «Köpetdag» utuklarynyň sanyny 6-a ýetirip, turnir tablisasynda üçünji orna («Şagadam» bilen «Merwde» hem şonça utuk bar) geçdi. Üç oýnuň ählisinde ýeňlip, turnir tablisasynyň soňky ornunda barýan «Nebitçiniň» hasabynda bolsa heniz utuk ýok.

«Köpetdag» indiki oýnuny 16-njy awgustda myhmançylykda «Altyn asyra» garşy geçirer. «Nebitçi» bolsa şol gün öz öýünde «Merwi» myhman alar.

Ýokary liganyň üçünji tapgyry 12-nji awgustda geçiriljek «Ahal» – «Energetik», «Şagadam» – «Altyn asyr» hem-de «Merw» – «Aşgabat» oýunlary bilen jemleniler.

Statistikany söýüjiler üçin oýnuň protokolyny dykgatyňyza hödürleýäris:

«Köpetdag» – «Nebitçi» — 3:2 (0:1)

2022-nji ýylyň 11-nji awgusty. Aşgabat şäheri, «Köpetdag» stadiony. 1 000 janköýer.

Gollar: Begenç Akmämmedow 61, 79, 87 — Seýitmämmet Hojamämmedow 17, Serdar Annaorazow 53.

Duýduryşlar: Begenç Akmämmedow 59 — Begenç Gylyçnyýazow 54.

Emin: Ahmet Begnazarow (Mary).

Kömekçi eminler: Yhlas Kurambaýew (Daşoguz), Akmyrat Jumaýew (Aşgabat).

Ätiýaçdaky emin: Wladimir Boliýanс (Türkmenabat).

Gözegçi emin: Eldar Remezanow (Aşgabat).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň