Serdar Berdimuhamedow «Deňiz han» atly harby gämi bilen tanyşdy

22:0110.08.2022
0
12115
Serdar Berdimuhamedow «Deňiz han» atly harby gämi bilen tanyşdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň çäklerinde ýerleşýän harby-deňiz güýçleriniň deňiz birikmesine bardy hem-de ol ýerde «Deňiz han» atly harby gämi bilen tanyşdy.

Ir bilen döwlet Baştutany dikuçarda harby-deňiz birikmesine bardy. Ol ýerde Türkmenistanyň Prezidenti gäminiň häzirki zaman söweş mümkinçilikleri, gurluş aýratynlyklary, onuň ýerine ýetirýän wezipeleri we tehniki häsiýetnamasy bilen tanyşdyryldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu gämi deňizde döwlet serhedini goramak, gämi gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de halas ediş işlerini amala aşyrýar. Bellenilişi ýaly, «Deňiz han» atly ýokary söweşjeň mümkinçilikli bu gämi Türkmenistanyň harby-deňiz güýçleriniň Gämileri abatlaýyş kärhanasynda türkmen hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda ýokary derejede gurlupdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň