Soňky habarlar

Arhiw

Norwegiýada agramy 180 kilogram bolan paltus balygy tutuldy

19:4510.08.2022
0
1475
Norwegiýada agramy 180 kilogram bolan paltus balygy tutuldy
Surat: Дмитрий Феоктистов/ТАСС

Britan deňizçisi Norwegiýada çeňňek bilen äpet paltus balygyny (kambala maşgalasyndan bolan deňiz balygy) tutdy. Bu hakynda «The Sun» gazeti habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.

Gündogar Angliýadaky Norija şäherinden bolan 45 ýaşly Pol Stiwens boýy iki metr, agramy 180 kilograma deň bolan paltus balygyny tutupdyr. Bu Birleşen Korollygyň raýaty tarapyndan henize çenli awlanan bu görnüşdäki iň uly balykdyr. Balygyň ýaşy 100 ýyla golaý diýlip çaklanylýar.

Balykçy habarçylar bilen gürrüňdeşlikde çeňňegine ilen paltusyň gaýygyny bir kilometrden hem uzaga süýräp äkidendigini gürrüň beripdir. Stiwensiň aýtmagyna görä, şondan soňra üç günläp onuň eginleri güýçli agyrypdyr.

Balykçy özüniň köpden bäri şeýle läheň balygy awlamagy arzuw edendigini sözüniň üstüne goşupdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň