Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropa yssydan ejir çekýär

16:5609.08.2022
0
1341
Ýewropa yssydan ejir çekýär
Surat: mir24.tv

Ýewropa adatdan daşary yssydan ejir çekýär. Daýhanlar hasyly halas etmek üçin göreşýärler, emma bu düýbünden mümkin däl diýip, «MIR 24» ýazýar.

Mysal üçin, ispan çakyr ýasaýjylary tropiki jöwzadan ýitgi çekdiler, tokaý ýangynlary Arbo ülkesindäki üzümçilikleri haraplady. Üzümiň Albarino atly gymmatly sortuny indi unutmaly boljaga meňzeýär.

«Biz ýangyny söndürmek üçin elde baryny etdik, emma netije bermedi, hasyly-da elden giderdik» diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri gürrüň berýär.

Ispan garbanyşhanalarynda buzly kokteýl sargyt etmek mümkin däl, sebäbi görlüp-eşidilmedik guraklyk zerarly buz gytlyk edýär. Dükanlar adam başyna buzuň bir gabyny satýarlar. Ählisi-de ýylyň başynda ýangyjyň bahasynyň gymmatlamagyndan başlandy. Ol wagt buz öndürijiler ätiýaçlyk goruny hem edinip ýetişmediler.

Fransiýany bolsa, üçünji yssy tolkun basdy. Käbir ýerlerde howa Saharadakydan hem yssy. Mysal üçin, paýtagtdaky Garnýe operasynyň jaýynyň öňünde düşelen asfalt 56 gradusa çenli gyzypdyr. Ol edil erän peýniri ýadyňa salýar.

«Biz ýelpawaja köp harçlamaly bolduk, bu tomus şeýlebir yssy welin, gije-gündizde üç sagatdan artyk uklabam bilemzok. Biz suwy köp içýäris, äpişgeleri-de ýapyp oturmaga mejbur bolýarys» diýip, Parižiň ýaşaýjylarynyň biri zeýrenýär. Indi fransuzlar şäherlerde köpräk bag oturtmak barada netijä geldiler, bu yssydan aman galmaga kömek eder. Pariži eko-şähere öwürmek hakynda köp gürrüň edilýär.

Niderlandlarda bolsa, Waal derýasynyň guramagy bilen baglylykda, suwda ýüzýän öýler gury ýerde çöküşine, adaty öýe öwrüläýdiler. «Men öň derýanyň şeýle guran halatyna duşmandym» diýip, ýüzýän öýleriň biriniň hojaýyny Ruud Ester gürrüň berýär.

Uly kanallarda suwuň derejesiniň juda pese gaçandygy üçin gämilere ýüki öňküden 50 göterim az urmaly bolýar. Bu daşamakda çykdajylaryň üç-bäş esse artjakdygyny aňladýar.

Üstesine howa maglumaty gullugynyň işgärleriniň çaklamalary-da lapyňy keç edýär, olar 40 derejedäki yssynyň iň bärkisi awgustyň ortalaryna çenli dowam etjekdigini aýdýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň