Soňky habarlar

Arhiw

Angliýadaky portugal topary ýene bir «watandaşyny» düzümine goşdy

16:5009.08.2022
0
963

«Walensiýanyň» hüjüme ýakyn oýnaýan ýarym goragçysy Gonsalu Gedeş karýerasyny APL-de dowam etdirer.

Portugaliýaly futbolçylara ýakynlygy bilen tanalýan «Wulwerhempton» kluby 25 ýaşly ýarym goragçyny 30 million ýewro baha bilen satyn aldy hem-de 5 ýyllyk şertnama gol çekişdi.

Gedeş soňky 5 möwsümi La Liganyň klubynda geçiripdi. Geçen möwsümde bolsa ol 36 duşuşykda meýdana girip, 11 gezek tapawutlandy we 6 goluň assistini berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň