«Möý adamyň» ýyldyzy Fidel Kastronyň keşbini döreder

18:0807.08.2022
0
2393
«Möý adamyň» ýyldyzy Fidel Kastronyň keşbini döreder
Surat: Reuters

Aktýor Jeýms Franko («Möý-adam») režissýor Migel Bardemiň «Kubadan gelen Alina» atly filminde kubaly rewolýusiýaçy Fidel Kastronyň keşbinde surata düşer. Bu barada «Deadline» habar berdi.

Filmiň esasy ýordumy taryhy şahsyýet bolan Alina Fernandesiň töwereginde jemlenýär, ol on ýaşyndaka özüniň Fidel Kastronyň gyzydygyny bilýär.

Alina, ýeri gelende aýtsak, öz kakasyny açyk tankyt edenleriň biridi, oňa Kubadan çykmagy gadagan edipdiler. 1993-nji ýylda Alina Ispaniýa gaçyp bardy we bu waka bütin dünýä ýaň saldy.

Täze filmiň haçan ekrana çykjakdygy habar berilmeýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň