Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda täze awtobus ugry işe girizildi

00:2406.08.2022
0
18833

“Türkmenawtolaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2022-nji ýylyň 06-njy awgustyndan 121-nji “Bagyr – Teleradioýaýlymlar merkezi” täze awtobus ugrunyň ýola goýujakdygy barada habary awtoulag.gov.tm web-saýtynda ýerleşdirdi.

121-nji Bagyr – Teleradioýaýlymlar merkezi” ugur boýunça awtobus “Bagyr” belleniş nokadyndan ugraýar Gökdepe ýoly – Arçabil şaýoly – Bitarap Türkmenistan şaýoly – Çandybil şaýoly – Köpetdag şaýolundan yzyna aýlanyp, Çandybil şaýoly – Gökdepe ýoly bilen hereket edip, “Bagyr” belleniş nokadyna gelýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler : 44-33-90, 44-33-91

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň