Soňky habarlar

Arhiw

Ozalky derwezeçi Nikita Gorbunow «Şagadamyň» tälimçiler düzümine goşuldy

20:0002.08.2022
0
3852

Derwezeçi Nikita Gorbunow karýerasyny tamamlap, Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» futbol toparynyň tälimçiler düzümine goşuldy. Ol toparyň derwezeçilerine tälim berer.

Nikita uly futbola 2000-nji ýylda «Nisanyň» düzüminde gadam goýupdy. Soňra ol «Köpetdag», «Ahal», «Balkan» ýaly toparlarda hem çykyş etdi. Nikita Gorbunow 2013-nji ýylda «Balkan» bilen AFK-nyň prezidentiniň kubogyna hem mynasyp boldy.

38 ýaşly Nikita 2018-nji ýyldan bäri «Şagadamda» çykyş edip gelýärdi. Onuň karýerasyndaky ahyrky resmi duşuşyk Türkmenistanyň kubogy ― 2021-iň final oýny boldy.

Nikita Gorbunow Türkmenistanyň milli ýygyndysynda 7 duşuşyga gatnaşdy. AFK-nyň Çagyryş kubogy ― 2014-de bolsa oňa milli ýygyndynyň kapitanlygy ynanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň