Braziliýaly ýazyjy zenan Mariana Wieýra öz planşetini gözegçiliksiz galdyran dessine oňa garynjalar ornaşdy. Netijede, olar internet-dükanyň üsti bilen futurizmdir filosofiýa hakynda kitaplary satyn aldylar diýip, «MIR 24» ýazýar.
Wieýra öz gajetinden peýdalanmakçy bolanda, ol açylmady, eýesi munuň sebäbini bilmekçi bolanda onuň içinde garynjalaryň öý gurnandygyny anyklady.
Tizara ýazyjy zenanyň elektron salgysyna fantast Aýzek Azimowyň «Robotlar we Imperiýa» atly kitabyny satyn alandygy üçin hoşallyk haty geldi, onda söwdanyň planşetiň üsti bilen edilendigi görkezilýärdi.
Tizara planşetdäki garynjalaryň ikinji söwdany edendigi, Eduardo Jannettiniň «Gigesiň ýüzügi» diýen kitabyny satyn alandyklary belli boldy.
Wieýra üçin edepsiz «basybalyjylary» enjamdan çykarmakdan başga çäre galmady, ol bu barada sosial ulgamdaky tanyşlaryndan kömek sorady, tizara onuň habary 75 müň seslenme aldy. Hat ýazanlaryň arasynda zenana garynjalary planşetden nädip çykarmalydygyny maslahat berýänler hem bardy.