Maradonanyň aýakgaplary älem giňişligine iberiler

17:0325.07.2022
0
11185
Maradonanyň aýakgaplary älem giňişligine iberiler
Surat: iinews.ru

Argentinanyň meşhur futbolçysy Diego Maradonanyň aýakgaplary dünýäniň çar künjündäki muşdaklarynyň ses we wideo ýazgylary bilen älem giňişligine iberiler. Türgeniň aýakgaplary Maradonanyň adyny göterýän «Älem ýylany» atly hemra bilen orbita çykarylar.

Bu başlangyç futbol janköýerleriniň ýüzlenmelerini özbaşdak ýazga almagy guran ady aýdylmadyk hususy kompaniýa degişlidir, diýip lenta.ru habar berýär.

Ýazgylary ýygnamak üçin birnäçe aý bölünip berildi, şondan soň olar bir taba getirilip, hemranyň gaty diskine ýerleşdiriler. «Älem ýylanynyň» uçuş senesi we ýeri entek kesgitli däldir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň