«Russian Film Festival — 2022»-ä 20-den gowrak ýurt gatnaşar. Onuň çäginde Belarusda, Iordaniýada, Türkmenistanda, Ermenistanda we Özbegistanda rus filmleriniň görkezilişi meýilleşdirilýär. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministri Olga Lýubimowa anna güni Telegram-kanalynda habar berdi.
Ministr şu ýyl Gyrgyzystanda rus film hepdeliginiň başlandygyny, şeýle-de, rus filmleriniň Belarusda, Iordaniýada we beýleki ýurtlarda hem görkeziljekdigini aýtdy diýip, TASS habar berdi.
Mundan başga-da Meksikada, Hindistanda, Bahreýnde, BAE we beýleki ýurtlarda film hepdeligini geçirmek mümkinçiligine seredilýär.
Lýubimowa şu ýyl festiwal maksatnamasynyň maşgala filmlerine, melodramalara, komediýalara, sport dramalaryna, animasiýa we dokumental filmlere esaslanýandygyny aýtdy.
«Russian Film Festival» — Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň goldawy bilen «Роскино» tarapyndan taýýarlanýan taslamadyr. Ilkinji festiwal 2020-nji ýylda onlaýn görnüşde bolup, 2021-nji ýylda bu çäre ilkinji gezek Gyrgyzystanda geçirildi.