Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropa çempionatynda çärýek finalçylar belli boldy

17:2219.07.2022
0
5315

Häzirki wagtda Angliýada dowam edýän futbol boýunça zenanlaryň arasyndaky Ýewropa çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry tamamlandy. Yklym birinjiliginiň çärýek finalynyň ýollanmasyna Angliýanyň, Ispaniýanyň, Germaniýanyň, Awstriýanyň, Şwesiýanyň, Belgiýanyň, Fransiýanyň hem-de Niderlandlaryň milli ýygyndylary eýe çykdylar.

Ýarym finalda aşakdaky jübütlikler ýarym finala çykmak üçin özara güýç synanyşarlar:

  • Angliýa — Ispaniýa (20-nji iýul, 23:59);
  • Germaniýa — Awstriýa (21-nji iýul, 23:59);
  • Şwesiýa — Belgiýa (22-nji iýul, 23:59);
  • Fransiýa — Niderlandlar (23-nji iýul, 23:59).

Maglumat üçin, zenanlaryň arasynda häzirki Ýewropa çempiony Niderlandlaryň milli ýygyndysydyr. Bu bäsleşikde iň köp ýeňiş gazanan topar bolsa Germaniýanyň zenanlar ýygyndysy (8 çempionlyk) hasaplanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň