Soňky habarlar

Arhiw

Dört döwlet futbol boýunça 2023-nji ýylky Aziýa Kubogyny özünde geçirmäge isleg bildirdi

11:1219.07.2022
0
7624

AFK-nyň resmi saýtynyň habar bermegine görä, dört ýurduň Futbol Assosiasiýasy 2023-nji ýylda futbol boýunça Aziýa Kubogyny özünde geçirmek üçin arza tabşyrdy. Olar Awstraliýanyň, Indoneziýanyň, Koreýa Respublikasynyň hem-de Kataryň Futbol Assosiasiýalarydyr.

Yklym birinjiliginiň ýer eýeligine isleg bildirýän ýurtlar 31-nji awgusta çenli öz maksatnamalaryny AFK-a hödürlärler. Olaryň maksatnamalary AFK-nyň degişli hünärmenleri we bäsleşige gatnaşyjy 24 ýurduň wekilleri tarapyndan bilelikde öwreniler.

Ýeri gelende, 2023-nji ýyldaky Aziýa Kubogyna Ýaponiýanyň, Siriýanyň, Kataryň, Koreýa Respublikasynyň, Awstraliýanyň, Eýranyň, Saud Arabystanynyň, BAE-niň, Hytaýyň, Yragyň, Omanyň, Wýetnamyň, Liwanyň, Iordaniýanyň, Falestinanyň, Özbegistanyň, Taýlandyň, Täjigistanyň, Hindistanyň, Gonkongyň, Bahreýniň, Malaýziýanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Indoneziýanyň milli ýygyndylarynyň gatnaşýandygyny ýatladýarys.

2023-nji ýylda Aziýa Kubogyny özünde kabul etjek ýurduň ady AFK-nyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan şu ýylyň 17-nji oktýabrynda mälim ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň