Londonyň «Çelsi» kluby «Naloliden» Kalidu Kulibalini transfer etdi. Toparyň resmi saýty şu gün senegally goragçy bilen 4 ýyllyk şertnama gol çekişilendigini habar berdi. Mälim bolşuna görä, oýunçy indiki möwsüme taýýarlyk görmek maksady bilen geçirilýän ýoldaşlyk duşuşyklarynda gatnaşmak üçin bireýýäm ABŞ-a ugrapdyr.
Habarda transferiň bahasy we oýunçynyň zähmet haky barada maglumat berilmändir. Emma sport neşirleri «aristokratlaryň» Kulibalini Londona getirmek üçin «Napoli» toparyna 40-45 million ýewro töweregi tölemeli bolandygyny, goragçynyň özüne bolsa ýyllyk 10 million ýewro hak tölenjekdigini ýazýarlar.
Maglumat üçin, Kalidu Kulibali geçen möwsümde «Napoliniň» düzüminde jemi 37 oýunda meýdança çykyp, 3 gol urdy we şonça golly pas berdi.

