Soňky habarlar

Arhiw

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy gyssagly wizalary resmileşdirmegiň möhletlerini ýatlatdy

22:3315.07.2022
1
31733

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Russiýanyň gyssagly wizalaryny resmileşdirmegiň möhletleri barada ýatlatdy. Bu bildiriş şu gün diplomatik edaranyň Telegram kanalynda ýerleşdirildi.

«Hususy, işewürlik, syýahatçylyk, bilim, ynsanperwerlik, iş» kategoriýalaryna degişli bolan gyssagly wizalaryň berilmegi ýüz tutulan pursatyndan başlap 3 iş gününiň dowamynda, adaty tertipde — 7 senenama gününiň dowamynda amala aşyrylýar. Resminamalary Konsullyk bölümine tabşyranyňyzda görkezilen möhletlere üns çekmegiňizi maslahat berýäris.

Wizalary has gysga wagtyň dowamynda resmileşdirmek, hat-da ýüztutujylaryň Russiýa uçmak üçin petek alan ýagdaýynda hem ýerine ýetirilmeýär» diýlip, habarnamada bellenilýär.

Iýun aýynyň başynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy wiza almak üçin wagtlaýyn ýerleriň sanyny her günde 25 ýere çenli artdyrdy.

Aşgabat — Kazan we Aşgabat — Moskwa ugurlary boýunça «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň yzygiderli howa gatnawlary bilen Russiýa uçýan raýatlar wizalary diňe Konsullyk bölüminiň web saýtynda elýeterli bolan öňünden ýazylmak arkaly resmileşdirip bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Lucky ( 16.07.2022 )

Почему уже который день нельзя зайти на сайт Посольства??? Почему об этом нигде не пишут?

20