Soňky habarlar

Arhiw

«Sanly çözgüt — 2022» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmäge taýýarlyk görülýär

22:5213.07.2022
0
11392

13-nji iýuldaky Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurtda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda, 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, täzeçil programma üpjünçiligini taýýarlamak we olary ornaşdyrmak hem-de beýleki degişli ugurlar bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen, «Sanly çözgüt — 2022» atly innowasion taslamalaryň bäsleşiginiň nobatdaky tapgyryny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Programma üpjünçiligini we innowasion usullary işläp taýýarlaýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen, bu bäsleşige 2020-nji ýylda badalga berildi. Bäsleşigiň nobatdaky tapgyryny saglygy goraýyş, ylym we bilim, ulag-logistika, elektron senagaty, oba hojalygy, hyzmatlar ulgamy ýaly ugurlarda geçirmek göz öňünde tutulýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow agzalan mejlisde dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň öwrenilmegine ünsi çekip, «Sanly çözgüt — 2022» innowasion taslamalar bäsleşigini geçirmek baradaky teklibi makullady hem-de onuň ýaşlaryň zehinini we ukybyny ýüze çykarmakda aýratyn ähmiýetli boljakdygyny belläp, bu babatda Agentligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň