Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýakutiýada birnäçe oba suwuň aşagynda galdy

14:4013.07.2022
0
1261
Ýakutiýada birnäçe oba suwuň aşagynda galdy
Surat: radiosputnik.ria.ru

Ýakutiýanyň iň iri ilatly nokatlarynyň biri bolan Werhoýansk şäheri dolulygyna suwuň astynda galdy. Bu barada «MIR24» habar berýär.

Ýerli häkimiýetler indi dört gün bäri suw joşmalaryna garşy göreşýärler. Sebitde birnäçe günläp dynuwsyz ýagyş ýagýar, şonuň netijesinde Ýana derýasy we onuň goşundylary kenarlaryndan agyp, ilatly ýerleriň köp bölegini suw basdy. Heläkçilikli ýagdaýlaryň döremeginiň öňüni almak maksady bilen, ilatly ýerleriň köpüsinde elektrik togy öçürildi.

Habarda bellenilmegine görä, düýn suwuň aşa ýokarlanmagy sebäpli, Adyça derýasynyň öz bendinden agmagy birnäçe obanyň suwuň aşagynda galmagyna getirdi. Suw basan obalaryň ýaşaýjylary dikuçarlar arkaly ewakuasiýa edildiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň