Eýýäm şu ýylyň 15-nji noýabrynda Zeminde 8 milliarddan gowrak adam ýaşar. TASS habarlar gullugyna esaslanýan «belta.by» saýtynyň ýazmagyna görä, şeýle çaklamany Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça edarasy öňe sürdi.
Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, dünýä ilatynyň sany 2030-njy ýylda 8,5 milliarda ýeter.
Ýene 60 ýyldan, ýagny 2080-nji ýylda bolsa, Zeminde 10,4 mlrd adam ýaşar. Ondan soňra ilatyň sany 2100-nji ýyla çenli üýtgewsizligine galar.
Ilatyň ösüşiniň umumy derejesiniň ýarysyndan gowragy Kongo Demokratik Respublikasynda, Müsürde, Efiopiýada, Hindistanda, Nigeriýada, Pakistanda, Filippinlerde we Tanzaniýada hasaba alnar.
Çaklamada 2023-nji ýylda Hindistanyň iň gür ilatly ýurt hökmünde Hytaýdan öňe saýlanjakdygy aýdylýar.
BMG-niň maglumatlaryna görä, 2011-nji ýylda dünýäde 7 milliard adam hasaba alyndy, on ýyl geçensoň, bu görkeziji 7,9 milliarddan geçdi.
