Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Mahindra & Mahindra» elektrik ulaglaryny öndürmekçi

23:4410.07.2022
0
859
«Mahindra & Mahindra» elektrik ulaglaryny öndürmekçi
Surat: CNBC

Hindistanyň ulag serişdelerini öndüriji «Mahindra & Mahindra Ltd» kärhanasy elektrik awtoulaglaryny öndürjek şahamçasyny döredendigi barada habar berdi diýip, «Interfax.ru» ýazdy.

Täze kärhana «British International Investment Plc» (BII) britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda dörediler, taraplaryň ikisi hem taslama 19,25 mlrd rupiýa (243 mln amerika dollary) maýa goýum goýar. Bll kompaniýasy Ösüşi maliýeleşdirmegiň britan instututy bolmak bilen, tutuşlygyna hökümete degişlidir we ol täze kärhanada 4,76 göterim paýyň eýesi bolar.

Täze şahamça dört tigirli ýolagçy elektrik ulaglaryny öndürer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň