Estoniýanyň hökümetiniň başlygy Kaýa Kallas düýn özüniň premýeriň wezipesinden gidýändigini resmi yglan etdi diýip, «Delfi» neşirine esaslanyp, «belta.by» ýazýar.
Kallas bu karara meýletin gelendigini habar berdi. Ol eston hökümetini 2021-nji ýylyň ýanwaryndan bäri dolandyryp gelýärdi. Häzirki wagtda Kallas ýurduň Özgertmeler partiýasynyň başlygydyr.