Top.Mail.Ru

Parižiň Luwr muzeýinde Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň sergisi guralar

22:5807.07.2022
0
9922

Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde ýerleşýän dünýä belli Luwr muzeýinde Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň sergisini guramak meýilleşdirilýär. Şu gün Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde geçirilen türkmen we fransuz hünärmenleriniň wideoduşuşygy şu meselä bagyşlandy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Wideoduşuşykda türkmen hünärmenleri, şol sanda Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça Milli müdirligiň işgärleri Luwr muzeýiniň Gadymy Gündogar departamentiniň ylmy işgärleri bilen sergini guramagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Onlaýn duşuşykda türkmen tarapynyň taýýarlan bu taslamasy we ony amala aşyrmagyň tapgyrlary bilen baglanyşykly konsepsiýasyna garaldy. Gepleşikleriň dowamynda sergini guramagyň ugurlary, serginiň ady, onda goýuljak gymmatlyklar boýunça pikir alyşmalar boldy.

Dünýä belli Luwr muzeýinde guraljak sergide Türkmen-fransuz arheologiýa toparynyň 20 ýyldan gowrak wagt iş alyp barýan Ulugdepe ýadygärliginde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan gymmatlyklar goýlar.

Wideoduşuşyga gatnaşanlaryň hatarynda arheolog, bioantropolog, Türkmen-fransuz arheologiýa toparynyň ýolbaşçylarynyň biri, Ulugdepe ýadygärligindäki açyşlara bagyşlanan ylmy barlaglaryň awtory doktor Hulio Bendezu-Sarmiýenton hem bar. Halkara çärede medeni gymmatlyklar boýunça hünärmen, Luwryň gadymy dünýä bölüminiň işgäri Agnez Benua Aşgabatda arheologiýa boýunça geçirilen halkara ylmy maslahata gatnaşandygyny, bu serginiň ýurtlaryň muzeýleriniň arasyndaky işewür gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädime öwrüljekdigini hem-de muzeýiň ýolbaşçy düzümi tarapyndan zerur işleri guramak boýunça resminamalar toplumynyň taýýarlanylandygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistanda taryhy we medeni desgalaryň 1400-den gowragy döwletiň hasabynda durýar. Şolaryň köpüsi arheologik ýadygärliklerdir.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň