Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen telekeçilerine pensiýa gatançlaryny tölemek döwri hakynda ýatladylýar, BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy zenanlar üçin iş orunlaryny döretdi we beýleki habarlar

10:2806.07.2022
0
8159
Türkmen telekeçilerine pensiýa gatançlaryny tölemek döwri hakynda ýatladylýar, BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy zenanlar üçin iş orunlaryny döretdi we beýleki habarlar

1. BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy zenanlar üçin iş orunlaryny döretdi. 27-35 ýaş aralygyndaky dalaşgärler ähli hünär talaplaryny kanagatlandyrýan bolsalar, BAE-niň ilçihanasynyň elektron salgysyna ýüz tutup bilerler.

2. Aşgabatdaky awtoýuwalga RM hyzmatlaryň giň toplumyny hödürleýär. Bu ýerde ulagyň içini we daşyny, şeýle hem aýratyn böleklerini, hatda ätiýaçlyk şaýlaryny hem ýuwdurmak hyzmatyndan peýdalanyp bilersiňiz. Mundan başga-da, ulagyň salony üçin himiki arassalaýyş hyzmaty hem hereket edýär.

3. Salkyn tomus agşamynda dört diwaryň içinde oturmak gerek däl. Turkmenportal öz okyjylary üçin Aşgabadyň göwün açmak üçin oňaýly merkezleriniň sanawyny taýýarlady. Olarda dostlaryň bilen wagtyňy hoş geçirmek, romantiki duşuşyk guramak ýa-da arassa howada şäheriň durmuş akymyny synlamak mümkindir.

4. Howa gatnawlarynyň dikeldilmeginden soňra «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň ilkinji uçary Aşgabatdan Moskwa gelip gondy. Aşgabat – Moskwa ugry boýunça dowamly howa gatnawlary sişenbe we penşenbe günleri amala aşyrylar. Gaýdyşyn ugur boýunça Moskwadan Türkmenistana dolanýan uçarlar Türkmenbaşy howa menziline gonarlar.

5. 8-nji iýulda Türkmenistanyň döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde Ýaponiýanyň ilçihanasy we Medeniýet ministrligi tarapyndan guralýan «Men suşini gowy görýärin» atly wagtlaýyn sergi açylar.

6. Türkmenistanly telekeçiler häzirki günlerde 2022-nji ýylyň birinji ýarymýyllygy üçin pensiýa gatançlaryny tölemek boýunça hasabat döwrüniň başlandygy hakynda degişli SMS-habarnamalaryny alýarlar.

7. «KAMAZ» haryt nyşany nähili döredildi – kompaniýanyň ilkinji ýük ulagyndan başlap iň öňdebaryjy awtokärhanasyna çenli taryhy.

8. Pomidor keýpiňi galdyrmak üçin iň gowy gök önüm hökmünde ykrar edildi. Şonuň bilen birlikde, russiýaly medisina ylymlarynyň doktory Ýelena Parawantes pomidoryň yzygiderli kabul edilmeginiň ýaralaryň çalt bitmegine we bedende demriň, magniniň has gowy özleşmegine kömek edýändigini belleýär.

9. 2024-nji ýylda Fransiýanyň paýtagtynda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gabatlap Eýfel diňini reňklemek meýilleşdirilýär, emma hünärmenler poslama sebäpli desgany tutuşlygyna abatlanmagyň zerurdygyny belleýärler.

10. Basketbolyň 3×3 görnüşi boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy Aziýanyň Kubogy ugrunda Singapurda geçirilýän çempionatyň saýlama tapgyrynda ilkinji duşuşygynda Guamyň toparyndan üstün çykdy. Duşuşyk Türkmenistanyň ýygyndysynyň peýdasyna 21:14 hasabynda tamamlandy.

11. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky çempionatyň ýarymfinalynda duşuşjak garşydaş toparlar mälim edildi. 1/2 final duşuşyklary 6-njy iýulda geçiriler. 18:00-da «Ahal» «Aşgabat» bilen duşuşar, şol bir wagtyň özünde «Şagadam» «Nebitçi» bilen güýç synanyşar. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky çempionatyň finalyn duşuşygy 7-nji iýulda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň