Türkmenistanda agyz suwunyň täze iri ýatagy tapyldy

16:0703.07.2022
0
55417

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 1-nji iýulda geçirilen mejlisinde wise-premýer Şahym Abdrahmanow döwlet Baştutanymyza «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan agyz suw ýataklaryny ýüze çykarmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Aýdylyşy ýaly, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri tarapyndan Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň we Çärjew etrabynyň çäklerinde, Amyderýanyň çep kenarynda, Boýrabat hem-de Berzeň akabalarynyň kenarynda ýerleşýän Türkmenabat meýdançasynda geçirilen gidrogeologik gözleg-barlag işleri netijesinde, umumy meýdany 130,8 inedördül kilometre deň bolan agyz suw ýatagy açyldy we gorlary tassyklanyp, «Türkmenabat» ýerasty agyz suw ýatagy diýlip hasaba alyndy. Bu ýatagyň suw gory ýerli ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, häzirki günde suw diplomatiýasynyň köp döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň görnüşi hökmünde suw serişdeleriniň gorlaryny döretmek we täzeden dikeltmek, olardan oýlanyşykly hem-de rejeli peýdalanmak bilen bagly meseleler boýunça yzygiderli gatnaşyklar üçin mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň