Soňky habarlar

Arhiw

«Awazada» Burger Zone tiz tagamynyň bölümi açyldy

09:2202.07.2022
0
10757

Tagamly hem lezzetli burgerleriň muşdaklary üçin gowy täzelik — Aşgabatdaky meşhur Burger Zone restorany «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Hazar» myhmanhanasynyň 1-nji gatynda hem açyldy.

Meşhur burgerlerinden başga-da, menýuda serginlediji kokteýller, peýdaly smuziler, dürli kofe görnüşleri we desertler bar.

Dynç alýanlar diňe bir Burger Zone restoranyna barmak däl, eýsem «Awazanyň» çägindäki myhmanhananyň otaglaryna, basseýne we kenara eltip bermek hyzmatyndan hem peýdalanyp bilerler.

Eltip bermek hyzmaty üçin şu belgi bilen habarlaşyp bilersiňiz: (+993 64) 35 70 07. Iş wagty: 9.00-dan 23.00-a çenli.

Salgy: «Awaza» MSZ, «Hazar» myhmanhanasy, 1-nji gat, lobbi-bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň