Soňky habarlar

Arhiw

Wudi Allen kinodaky işini tamamlamak barada pikirlenýändigini habar berdi

16:2530.06.2022
0
604
Wudi Allen kinodaky işini tamamlamak barada pikirlenýändigini habar berdi
Surat: timeout.ru

Meşhur amerikan režissýory Wudi Allen özüniň soňky filmini surata alyp tamamlandan soňra kinematografdaky işini tamamlamak barada oýlanýandygyny habar berdi. Bu barada «Reuters» habar berdi diýip, «MIR24» ýazýar.

86 ýaşly režissýoryň sözlerine görä, ol güýzde Parižde özüniň iň ahyrky kinosyny surata düşürmäge girişmekçidigini, ondan soňra kinokarýerasyny jemlemek barada çynlakaý oýlanmakçydygyny nygtady. Ol pensiýa çykmak isleýändigini sözüniň üstüne goşdy.

«Ýiti duýgular terk etdi. Öň men film surata düşürenimde, ol bütin ýurduň kinoteatrlarynda görkezilerdi. Indi bolsa, surata alan filmiň iki ýa-da dört hepde kinoteatrlarda gidýär, soňra bolsa internetde görkezilip başlanýar» diýen kino ussady bu ýagdaýdan nägiledigini aýtdy.

Ýeri gelende aýtsak, Wudi Alleniň şu ýylyň başynda ekranlara çykan «Rifkiniň festiwaly» («Фестиваль Рифкина») atly soňky kino eseri iň pes badalga alan filmi boldy. Ol Alleniň 49-njy işi bolmak bilen, bary-ýogy 26 kinozalda görkezildi.

Allen şahyrana-filosofiki kinonyň ussady hasaplanýar. Dünýä kinosynyň ýyldyzlary onuň filmlerine surata düşmegi özlerine bagt saýýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň