Aşgabatda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde türkmen suratkeşleriniň işleriniň sergisi açyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşirinde habar berilýär.
Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň uçurymy Hurma Jumamyradowanyň döredijiligine degişli işlerden «Gülara mugallym», «Etýud», «Hakykat we hyýal» ýaly eserler we beýleki nakgaşlyk suratlary tanyşdyryldy.
Sergide hödürlenen eserleriň arasynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan suratlar bolup, olaryň hatarynda Ogulnur Poladowanyň grawýurasyny, Patmagözel Ýagşymuradowanyň keramika eserini görkezmek bolar.
Bu ugurda Täjigül Gurbanowa milli tahýalary şekillendirýän suratlaryny hödürledi.
Sergide bulardan başga-da Aýa Serhenowanyň, Baýramgeldi Möwlamowyň, Jennet Bagşyýewanyň, Merjen Durdyýewanyň we beýleki suratkeşleriň döreden ajaýyp eserleri köpçülige tanyşdyryldy.