Türkmenistanyň wekiliýeti Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde Bütindünýä dopinge garşy göreşmek agentliginiň her ýylda geçirilýän simpoziumyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň resmi saýty habar berýär.
Bu halkara derejesinde geçen çärä 600 töweregi wekiliýetiň agzalary, şeýle hem oňa dünýäniň dopinge garşy iş alyp barýan 200-den gowrak guramasy wirtual görnüşde birikmek arkaly gatnaşdy.
Simpoziuma Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginden wekiller, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Baş sekretary we Türkmenistanyň dopinge garşy milli agentliginiň ýolbaşçysy gatnaşdy.
WADA simpoziumy her ýylda yzygiderli geçirilip, halkara federasiýalaryň, milli we sebitleýin dopinge garşy guramalaryň, hökümet agzalarynyň, akkreditlenen barlaghanalaryň, esasy çäräni guraýjylaryň, türgenleriň we olaryň tälimçileriniň dopinge garşy hünärmenlerini dopinge garşy göreşmek meseleleri boýunça göreşmek maksady bilen özüne jemleýär.
Soňky iki ýylyň, has takygy 2020-2021-nji ýyllaryň simpoziumy koronawirus pandemiýasy zerarly geçirilmedi.
Türkmen sportunda doping meseleleriniň öňüni almak we onuň ulanylmagyna ýol bermezlik babatda Türkmenistan Bütindünýä dopinge garşy göreşmek agentligi bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirýär. Bu ugurdaky işjeň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň netijesinde bolsa 2017-nji ýylda WADA tarapyndan ýurtda Türkmenistanyň dopinge garşy milli agentligi döredildi.