Soňky habarlar

Arhiw

Tom Hardi «Wenomyň» üçünji bölüminiň ssenarisini tamamlady

17:0917.06.2022
0
3752
Tom Hardi «Wenomyň» üçünji bölüminiň ssenarisini tamamlady
Surat: kinofilmpro.ru

Aktýor Tom Hardi sosial ulgamda «Wenom» atly filmleriň üçünjisiniň ssenarisini ýazyp tamamlandygyny habar berdi.

Hardi ssenariniň daşky jildiniň suratyny sahypasynda ýerleşdirdi, onuň bilen bile ssenariýanyň üstünde öňki iki «Wenomyň» edebi esasyny ýazmaga gatnaşan Kelli Marsel işleşdi.

Ýordumyň jikme-jiklikleri heniz belli däl, birinji «Wenom» 2018-nji, ikinji bölüm 2021-nji ýylyň güýzünde ekranlara çykdy. Filmleriň ikisi dünýä prokatynda 1,3 milliard ABŞ dollary möçberinde kassa ýygymyny toplady.

«Sony Pictures» studiýasy bu filmiň trikweliniň, ýagny üçünjisiniň üstünde işlenilýändigini geçen ýylyň dekabrynda habar beripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň