Ýapon fermerleri öz hojalyklaryny üýtgedip gurmagy maksat edinýärler we şalynyň ýerine bugdaý ýetişdirmekçi bolýarlar. «Japan Today» gazetiniň ýazmagyna görä, muňa ýurduň Oba, tokaý we balyk hojalygy ministrliginiň geçiren pikirsoraşmasynyň netijeleri güwä geçýär.
Şeýle karara daýhanlary bugdaýyň häzirki ykdysady kynçylyklar sebäpli emele gelen nyrh ýokarlanmagy iterdi. Apreliň aýagynda geçirilen pikirsoraşma laýyklykda, Ýaponiýanyň prefekturalarynyň 47-sinden 37-si şaly meýdanlarynyň möçberini 35 müň gektara çenli kemeltmekçidiklerini mälim etdiler. Häzir Ýaponiýada bugdaýa islegiň ýokarydygyny bellenýär.
Ýurt bugdaýyň 80 göterimini daşyndan satyn alýar. Harydyň bahasy-da barha ýokarlanmak bilen. Emma şala bolsa, isleg kemelýär. Muňa pandemiýa döwründe ýarym salkyn işlemäge mejbur bolan ýerli garbanyşhanalarda bu önüme bolan islegiň azalmagy görnetin täsir etdi.