Şwesiýada soňky 30 ýylda iň ýokary derejede hümmetsizlenme hasaba alyndy diýip, TASS habarlar gullugy ýurduň Merkezi statistika edarasyna esaslanyp, habar berdi.
Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, hümmetsizlenmäniň derejesi ýyllyk aňladylmada 7,2 göterime ýetdi, bu 1991-nji ýyldan bäri iň ýokary görkezijidir. Nyrhlaryň ýokarlanmagy ilkinji nobatda elektrik energiýasynda, ýangyçda, azyk harytlarynda we ýeňil senagat harytlarynda bildirýär.
Daniýada-da hümmetsizlenmäniň ýyllyk ösüşi 7,4 göterime deň boldy. Bu, esasan-da, ýurduň RF-dan tebigy gazy rus rublunda satyn almakdan ýüz öwürmegi bilen bagly emele geldi diýip, habar beriş serişdeleri ýazýar. Bu hem öz nobatynda elektrik togunyň, ýangyjyň we önümleriň gymmatlamagyna getirdi.
Germaniýada hem hümmetsizlenmäniň ýokarlanýandygy habarda bellenýär. Maýyň jemleri boýunça ol ýyllyk aňladylmada 7,9 göterime deň boldy. Bu geçen asyryň 70-nji ýyllarynda nebit krizisi sebäpli ýurtda emele gelen hümmetsizlenmeden bäri iň ýokary derejedir.
