Soňky habarlar

Arhiw

Peterburg halkara ykdysady forumy başlandy

11:5415.06.2022
0
1972
Peterburg halkara ykdysady forumy başlandy
Surat: etu.ru

Şu gün, 15-nji iýunda Russiýada Peterburg halkara ykdysady forumy başlanýar we ol 18-nji iýuna çenli dowam eder. Foruma gatnaşmakçydyklary barada 90 töweregi ýurt habar berdi. Forumyň bu gezekki esasy mowzugy dünýäniň häzirki özgeren şertlerinde täze mümkinçilikleri gözlemek bolup durýar. Bu barada «RIA Nowosti» habar berýär.

Forumyň gün tertibi dört ugurdan: global we rus ykdysadyýetiniň meselelerinden, sosial we tehnologik gün tertibinden, adam mümkinçiligini ösdürmekden ybaratdyr.

«Izwestiýa» habarlar gullugynyň habaryna görä, PHYF gatnaşmak isleýänleriň häzirki emele gelen ýagdaýlara garamazdan, köpdügi barada RF-niň Prezidentiniň halkara meseleler boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakow metbugata beren interwýusynda belledi.

Uşakow foruma dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan ýokary wezipeli toparlaryň gelmekçidigini, olaryň arasynda döwlet baştutanlarynyň birnäçesiniň, ýagny Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Ermenistanyň täze Prezidenti Waagn Haçaturýanyň hem bardygyny nygtady.

Myhmanlaryň arasynda öňdebaryjy halkara guramalaryňdyr bileleşikleriň hem ýolbaşçylary bar. Olar ýangyç-energetika we ykdysady pudaklaryň wekilleridir. Şeýle-de foruma işewürleriň hem gatnaşjakdygy habarda bellenýär.

XXV Peterburg Halkara ykdysady forumy Sankt-Peterburg şäheriniň «Ekspoforum» maslahatlar-sergi merkezinde geçer. Onuň işine pudaklaryň 65-den gowragyna wekilçilik edýän 500-den gowrak rus kompaniýasy gatnaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň