Türkmenistanyň we Astrahanyň döwlet uniwersitetleri uçurymlara iki diplom bermek barada Ylalaşyk baglaşdylar

10:5510.06.2022
0
37855

9-njy iýunda Moskwada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory Baýramgül Orazdurdyýewa hem-de Astrahanyň W.N.Tatişew adyndaky döwlet uniwersitetiniň rektory Konstantin Markelow bilim ulgamyna degişli Ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada Astrahanyň Daşary aragatnaşyklar ministrligi habar berýär.

Gol çekişme çäresi Astrahan oblastynyň Hökümetiniň başlygy Oleg Knýazew bilen Batyr Nyýazlyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň arasynda geçirilen duşuşygyň çäklerinde boldy.

Türkmen we Astrahan uniwersitetleri bilelikdäki taslamalary, akademiki alyş-çalyşlary, hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny guramagy, şeýle-de iki diplomyň berilmegini nazarda tutýan bilim maksatnamalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek barada ylalaşyklary gazandylar.

Astrahan döwlet uniwersitetiniň rektory Konstantin Markelowyň belleýşi ýaly, Astrahanyň ýokary okuw mekdepleri eýýäm birnäçe ýyllar bäri türkmenistanly hünärmenleri üstünlikli taýýarlaýar.

«Bizde 1800 töweregi daşary ýurtly talyplar okap bilim alýar we olaryň ýarysyndan gowragy Türkmenistanyň raýatlarydyr. Goňşy Türkmenistan döwletiniň ýokary taýýarlykly hünärmenlerini mundan beýläk hem taýýarlamagy maksat edinýäris» – diýip, K.Markelow belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň