Companiesmarketcap.com saýtynda maglumat berlişine laýyklykda, häzirki wagtda dünýäniň iň gymmat awtoulag kompaniýalarynyň sanawynyň bäşliginiň başyny maýasy 742,46 milliard dollar bolan «Tesla» kompaniýasy çekýär. Ikinji we üçünji orunlary bolsa Ýaponiýanyň «Toyota» (228,44 milliard dollar) hem-de Hytaýyň «BYD» (131,4 milliard dollar) awtoulag kompaniýalary eýeleýär. Bulardan başga hem iň gymmat sanawyň bäşligine «Volkswagen» (115,63 milliard dollar) hem-de «Mercedes-Benz» (78,02 milliard dollar) awtoulaglarynyň kompaniýalary girýär.
Eger bu ugurda kompaniýalary düşewüntliligi boýunça kesgitlenilende sanawyň yzygiderligi başgaçarak görnüşde bolýar. Has takygy, onda sanawda birinji orunda 29,47 milliard dollarlyk girdejisi bilen «Volkswagen AG» kompaniýasy, ikinji orunda 28,26 milliard dollar girdejisi bilen BMW kompaniýasy, şeýle-de üçünji orunda bolsa 26,34 milliardlyk girdejisi bilen «Toyota» kompaniýasy durýar. Bäşligiň soňky iki ornuny bolsa «Mercedes-Benz» (20,18 milliard dollar) hem-de «Ford» (16,61 milliard dollar) kompaniýalary eýeleýär. Bu barada awtonews.ru saýty habar berýär.