Hindistanda jöwzaly tomus dowam edýär. Howanyň ýokary temperaturasyndan adamlar we janly-jandarlar ejir çekýär, däneli ekinlere bolsa gurap gutarmak howpy abanýar.
Mir24-ň habar bermegine görä, termometriň sütünjigi 50 gradusa çenli ýokarlandy. Teşnelikden gutulmak üçin adamlar ýygy-ýygydan arassa we dürli görnüşli suw içýärler. Işledilýän sowadyjylardan ýaňa şäherleriň elektrik energiýasyna zyýan ýetýär, köçeleriň üstleri bolsa, jöwzanyň netijesinde howanyň özünden hem beter gyzýar.