Aşgabatda taslamalary işläp taýýarlamak we dolandyrmak boýunça ýaşlar üçin okuw maslahaty geçirildi

18:4508.06.2022
0
7276
Aşgabatda taslamalary işläp taýýarlamak we dolandyrmak boýunça ýaşlar üçin okuw maslahaty geçirildi
Surat: turkmenistan.gov.tm

Aşgabatda taslamalary işläp taýýarlamak we dolandyrmak boýunça ýaşlar üçin geçirilen okuw maslahaty Türkmenistandaky Halkara Migrasiýa Guramasy (IOM) bilen Ýewraziýa Gaznasynyň hyzmatdaşlygynda guraldy.

Okuw maslahatyna ýaşlar ideýalarynyň bäsleşigine gatnaşan ýaşlar, şeýle hem Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çagyryldy.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar berşi ýaly, okuw maslahatynyň maksady ýerli jemgyýetleri ösdürmek, şeýle hem ösüşi ilerletmekde sosial ugurly taslamalary işläp düzmek we durmuşa geçirmek üçin ýaşlaryň başarnyklaryny hem-de bilimlerini ösdürmäge, ýaşlaryň liderlik ukyplaryny kämilleşdirmäge ýardam bermek bolup durýar.

Okuw maslahatynda ýaşlaryň arasynda aýratyn-da daşky gurşawy goramak, ekologiýa, syýahatçylyk pudagyny ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesi, IT çözgütleri ýaly ugurlar uly gyzyklanma döretdi diýip, tälimçi Maýa Meretgulyýewa belleýär.

Bu çäre Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Agentliginiň (USAID) goldawy bilen Merkezi Aziýada Sosial innowasiýalar (SICA) maksatnamasynyň çäklerinde guraldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň