Soňky habarlar

Arhiw

Gurban Berdiýew «Kaýratyň» baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy

16:0706.06.2022
0
11553

«Kaýrat» toparyň baş tälimçisi Gurban Berdiýewiň işden gidendigini habar berdi. Taraplar özara gepleşik esasynda hyzmatdaşlygy ýatyrmak barada ylalaşdylar. Bu barada toparyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Gurban Berdiýew bilen bilelikde onuň kömekçileri Iwan Danilýans, Dmitriý Kriçenko, Andreý Masýura we Eduard Kunduhow hem klubdan çykdy.

Gurban Berdiýew 1959-njy ýylda Aşgabatda futbol oýnap başlady. 1970-nji ýyla çenli Aşgabadyň «Köpetdag» toparynyň ýaşlar düzüminde oýnady. 1998-nji ýylda «Nisa» bilen Türkmenistanyň çempionlygyny we kubogyny gazandy.

Gurban Berdiýew oýunçy wagty Almaty klubunyň düzüminde çykyş etdi. 1983-nji ýylda «Kaýratyň» (Alma-Ata) düzüminde, SSSR-iň çempionatynyň birinji ligasynda ýeňiji boldy. Umumylykda, Berdiýew SSSR futbol çempionatynyň ýokary ligasynda 155 oýun oýnady we 23 top geçirdi.

90-njy ýyllaryň başynda Gurban Berdiýew toparda kömekçi wezipesinde işe başlady we «Kaýrata» ýolbaşçylyk edip, 1992-nji ýylda Gazagystanyň çempionatynda altyn medal gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň