Soňky habarlar

Arhiw

«Rolan Garros» Nadalyň 14-nji çempionlygy bilen tamamlandy

12:0406.06.2022
0
1927

Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde iki hepdeläp dowam eden «Rolan Garros» ýaryşy tamamlandy. Bu ýaryş tennis boýunça «Uly tuwulga» tapgyryna girýär.

Erkekleriň arasyndaky final duşuşygy dünýäniň 5-nji raketkasy Rafael Nadal bilen ATP-niň reýtinginde 8-nji orny eýeleýän Kasper Ruduň arasynda boldy.

2 sagat 20 minuda çeken duşuşykda, garaşylyşy ýaly, toprak kortlaryň ussady, ispaniýaly ady rowaýata öwrülen tennisçi 6/3, 6/3, 6/0 hasabynda ýeňip, 14-nji gezek «Rolan Garrosyň» çempiony boldy.

36 ýaşly Nadal 1 eýs, 8 breýk-poýnt we 3 sany ýalňyşlyk bilen final duşuşygyny tamamlady. 23 ýaşly Ruud bolsa 2 breýk, 2 ýalňyşlyk bilen duşuşygy alyp çykdy. Tennisçiler biri-biri bilen ilkinji gezek duşuşdylar.

Fransiýanyň açyk çempionatynyň ýeňijisi bolan Nadal 2 million 200 müň ýewro pul baýragyna mynasyp bolup, 2 müň reýting utugyny gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň