Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystanyna sapar bilen bardy

16:0101.06.2022
0
29268

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystanynda saparda bolýar. Arap habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, türkmen wekiliýeti şu gün Jidde şäherine bardy. Türkmenistanyň Prezidentini Jidde şäheriniň Halkara howa menzilinde mukaddes metjidiň ymamynyň geňeşçisi, Mekge şäheriniň häkimi, şeýle-de beýleki resmi adamlar garşylady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Saud Arabystanyna amala aşyrýan sapary onuň döwlet Baştutany wezipesine girişenden soňra ilkinji daşary ýurt saparydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň