Nusgawy Aston Martin DB5 awtoulagy auksiona çykarylar

14:2001.06.2022
0
4028
Nusgawy Aston Martin DB5 awtoulagy auksiona çykarylar
Surat: quto.ru

Awgust aýynda «Broad Arrow Auctions» auksion öýi meşhur aktýor ser Şon Konnerä degişli bolan nusgawy Aston Martin DB5 kysymly awtoulagy auksiona çykarar. DB5/1681/R belgili awtoulagynyň nowasy çal reňkde, ulagyň içi bolsa gyzyl reňkdedir.

Bilermenleriň baha bermegine görä, ulag auksionda 1.800.000 dollara bahalandyrylýar. Aston Martin DB5 kysymly awtoulag Jeýms Bond baradaky Şon Konneriniň baş gahryman hökmünde çykyş eden üçünji «Goldfinger» filminden soň, kinematografyň hakyky nusgawy ulagyna öwrüldi. Elitethings.com saýtynyň ýazmagyna görä, aktýor bu awtoulagy 2018-nji ýylda satyn alyp, edil «Goldfinger» filmindäki awtoulaga meňzetmek maksady bilen, ony gaýtadan abatlaýşa iberipdir.

Çeşmede bellenilişi ýaly, şeýle-de bu awtoulagy auksionda satyn alan Aston Martin DB5 ulagynda Formula-1 awtoulag ýaryşlarynyň üç gezek çempiony, şeýle-de Şon Konneriniň ýakyn dosty ser Jek Stýuart bilen bilelikde aýlanyp biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň