Soňky habarlar

Arhiw

Kipr 1-nji iýundan syýahatçylar üçin ähli koronawirus çäklendirmelerini aýrar

16:2228.05.2022
0
3750

1-nji iýundan Kipriň döwlet dolandyryş edaralary syýahatçylar üçin girizilen ähli koronawirus çäklendirmelerini aradan aýrarlar. Kabul edilen çözgüde laýyklykda, indi ýurda gelýän syýahatçylardan sanjym kepilnamasy ýa-da PZR-test barlagynyň netijesi talap edilmez.

Cyprus Mail neşiriniň habar bermegine görä: "Kipriň Ministrler kabineti, ýurtda epidemiologiýa ýagdaýynyň gowulaşandygy bilen bagly, 1-nji iýundan başlap, aeroportlarda we portlarda syýahatçylar üçin kowide garşy ähli çäklendirmeleri ýatyrmagy karar etdi".

Şeýlelikde, syýahatçylaryň haýsy ýurtdan gelendigine garamazdan, waksina alandygy baradaky sertifikaty ýa-da koronawirus bilen keselländigi hakynda güwänamany, otrisatel PZR-testi görkezmek talap edilmez-diýip, mir24 neşiri belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň