Nepally 18 ýaşly Dor Bahadur Kapagi dünýäde iň kelte boýly ýetginjek hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda hasaba alyndy. Bu barada Daily Mail neşiri habar berdi diýip, Rambler.ru ýazýar.
Kapaginiň boýy bary-ýogy 73 santimetrdir. Ýetginjek Nepalyň paýtagtyna eminler toparynyň we hökümetiň bu ugurdaky güwänamasyny almak üçin geldi, dabaradan soňra ony surata düşürdiler.
Habar beriş serişdeleri Kapaginiň iň gysga boýly ýeke-täk adam däldigini ýazýarlar, häzirki wagtda bu derejäniň eýesi Kolumbiýadan Edward Ernandesdir, onuň boýy 68 santimetre deň. Ernandes bu ugurda 2010-njy ýylda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.