Ýere 2022-nji ýylyň iň uly asteroidi golaýlaşýar

17:0024.05.2022
1
23437
Ýere 2022-nji ýylyň iň uly asteroidi golaýlaşýar
Surat: crimea.ria.ru

27-nji maýda Ýere 2022-nji ýylda hasaba alnan iň uly asteroid ýakyn geler. Onuň ululygy Burj Halifa binasy bilen deňeşdirilende iki esse uludyr.

NASA-nyň maglumatlaryna laýyklykda, Apollon toparyna degişli bolan, diametri 1,8 kilometr diýlip çaklanylýan 7335 (1989 JA) jisimi howply jisim hökmünde hasaba alyndy. Emma asteroidiň Ýerden 4 million kilometr uzakdan geçip, hiç hili howp salmajakdygy aýdylýar. Ferra.ru saýtynyň habar bermegine görä, asteroid 27-nji maýda Bütindünýä kordinirlenen wagty bilen sagat 14:26-da Ýere has golaýlaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň